«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY JEMLERI GELJEKKI ÖSÜŞLERIMIZIŇ BERK BINÝADY» ATLY MASLAHAT

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine bagyşlanyp Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy jemleri geljekki ösüşlerimiziň berk binýady» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda hormatly ýurdumyzda örän uly möçberli durmuş-ykdysady özgerişleriň giňeýän döwründe döredilen Türkmenistanyň Milli Geňeşi jemgyýetimizde demokratiýanyň has giňden ýaýbaňlanmagyna täze esaslary we bu özgeriş türkmen jemgyýetinde her bir adamyň döredijilikli işlemegi we netijeli zähmetiň esasynda ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin gerek bolan ukyp-başarnyga eýe bolmagyna täze esaslary döretjekdigi, şeýle hem ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler barada çykyş edenler uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan Watanymyzy ösen döwlete öwürmekde, jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen paýhasly syýasat alyp barýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ýörite habarçymyz.