«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNA 25 ÝYL: DÖWLETLILIK, PARAHATÇYLYK, ÖSÜŞ WE ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN» ATLY MASLAHAT

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna 25 ýyl: döwletlilik, parahatçylyk, ösüş we özgertmeler ýoly bilen» atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda: Biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdigi we bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran ägirt uly işleri babatynda giňişleýin durlup geçildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-nyň bu barada kabul eden iki sany Rezolýusiýasy esasynda berkidildi, şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz aýdyň beýanyny tapdy diýip çykyşlarda bellenildi. Bu ajaýyp waka Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan maksatlary kesgitleýär diýip aýdyp geçdiler. Edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňden görüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilen güni 12-nji dekabry bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilmegi bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterdi diýip uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler. Elbetde şeýle ajaýyp işleriň başynda Gahryman Arkadagymyzyň oýlanşykly parasatly işleriniň bardygy, şeýle-de dünýä ýüzünde parahatçylygyň hem-de asudalygyň bolmagy üçin alyp barýan işleri babatynda hem gürrüň berdiler. Taryh üçin kän bolmadyk çärýek asyryň dowamynda, ýagny, Bitaraplyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri uzak gelejegi nazarlaýan işleri amala aşyrylandygy barada aýdyp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýäniň abraýly guramalary bilen işjeň gatnaşyp utgaşykly işleri alyp barýar diýip çykyşlarda belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda türkmen halkyny şeýle eşretli günlerde ýaşadyp, Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrýan, türkmeniň beýik ogly Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman bolmagyny, janynyň sag bolmagyny, alyp barýan ähli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.