«Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ösüş ýoly bilen» atly maslahat

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli bolup geçen wakalara bagyşlanyp Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ösüş ýoly bilen» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Mähriban Arkadagymyzyň berkarar Watanymyzyň mundan hem beýläk gülläp ösmegi, türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda erkana ýaşamagy baradaky taýsyz tagallalary, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan, kabul edilen resminamalardan gelip çykýan wezipeler giňden ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda milli demokratiýamyzyň dabaralanmagynyň,  Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynyň alamaty hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň ähmiýetini, many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bilelikde ýerine ýetirmeli işleriniň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan Watanymyzy ösen döwlete öwürmekde, jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen paýhasly syýasat alyp barýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ýörite habarçymyz.