“ADAM HAKDAKY ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ UGRYDYR” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň baş ugrydyr” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asuda ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin durmuşa geçirýän işler barada  durup geçdiler. 2021-nji ýylyň 14-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparynda bolup, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisini geçirip dynç alyş möwsüminde halkymyzyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylmaly işleriň ýokary derejede bolmalydygy barada beren tabşyryklary barada giňişleýin durlup geçildi we bu ugurda jemgyýetçilik gurmalarynyň alyp barmaly düşündiriş işleriniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkyň saglygyny goramak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, halkyň ýokary ýaşaýyş durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny berkitmek we ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň "Döwlet adam üçindir!" diýen  maksatnamalaýyn ýörelge esasynda alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň baş maksady bolup durýandygyny çykyş edenler uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.