“ARKADAG BILEN ÖZGERÝÄN WE GÜLLÄP ÖSÝÄN AŞGABAT” ATLY DABARALY MASLAHAT

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadag bilen özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň bolsa 140 ýyllyk toýuna barylýan şu ajaýyp günlerde şäherimiz barha gözelleşip, «Aziýanyň merjeni» diýen ada eýe bolandygy, howalanyp görünýän mermer binalary, ajaýyp köşgi-eýwanlary, durmuş maksatly salynýan beýik-beýik ymaratlary, ýaşaýyş jaýlary, saglyk, ylym-bilim desgalary, gözel şäherimiziň oklaw ýaly göni hem giň, arassa köçeleri, şeýle hem merjen paýtagtymyzyň bagy-bossanlygy ýüreklerde buýsanç duýgusyny döredýändigini, Aşgabat şäherinde ýerleşýän täsin seýilgähleri gür baglyga, hoşboý ysly ter güllere beslenip, ynsanlarda ýakymly duýgulary oýarýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere beslenýän paýtagtymyzyň bu günki gün halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülip, Parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde bu gün dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň tagallasy bilen ak arzuwlaryň amala aşýan ajaýyp şäherine öwrülendigine uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory, zamanamyzyň meşhur Binagäri — Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.