“HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISI – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanmagy hakykatdan-da Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyna barýan berkarar Türkmen döwletiniň geljekde-de gülläp ösjekdigini, şan-şöhratynyň asyrlara ýaň saljakdygyny görkezen ýatdan çykmajak taryhy waka boldy.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde “Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi – milli demokratiýanyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň geçirilýän ýerinde ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän sergi gurnaldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda Mähriban Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy halkyň öz Arkadagyna bildirýän ägirt uly ynamynyň alamatydygy, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşa ýetiren, ýurdumyzyň abraý-mertebesini Ýer ýüzünde Arşa galdyran Mähriban hem Gahryman Prezidentimizi tüýs ýürekden alkyşlaýandygyny hem-de berkarar döwletimiziň bagtly geljegini Milli Liderimiziň nurana ady bilen berk baglanyşdyrýandygyny uly buýsanç bilen bellenilip geçildi. Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Hormatly Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty netijesinde türkmen halky geljege tarap ynamly hereket edýär. Ertirki güne ynanýar. Her pursatda mähriban Arkadagymyzyň, berkarar döwletimiziň goldawyny duýýar. Mähriban Arkadagymyzyň döwlet Baştutany, milli Lider, halkyň Howandary hökmünde geljekde-de uly-uly işleri bitirjekdigine, halkyň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagy, nesilleriň ygtybarly geljegi ugrunda gijesini gündiz edip işlejekdigine halkymyzyň ynamy çäksizdir.

Maslahata gatnaşyjylar «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän,  mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.