“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYÇLARY – TARYHY DÖWRÜŇ BELENT SEPGITLERI” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda  “Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary – taryhy döwrüň belent sepgitleri” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni uly ösüşlere we şanly wakalara beslenýär, hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda taryhy işler amala aşyrylyp, döwletli Diýarymyzda garşy alynýan her bir ýyly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda özüne mynasyp şygar bilen atlandyrmak we ähli ulgamlarda ýyllyk iş meýilnamalarynyň şol şygar bilen baglanyşykly düzülmegi, şoňa laýyklykda hem ýurt möçberinde utgaşykly işleriň ýola goýulmagy indi birnäçe ýyl bäri ajaýyp ýörelgä öwrüldi diýip çykyşlarda bellenildi.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 2021-nji ýyl döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edildi. Şol esasdan, häzirki wagtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna guralýan çäreler “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli guralýan çäreler bilen utgaşykly geçirilip, olar halkymyzyň bagtyýar, eşretli, asuda durmuşyň hözirini görýändiginiň özboluşly subutnamalary bolup dabaralanýar diýip buýsanç bilen aýdyldy.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýynda täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Balkan welaýatynyň merkezinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatymyzyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň sowgat berilmegi bagtyýar adamlaryň kalbynda egsilmejek şatlyk duýgusyny döretdi diýip çykyşlarda beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän,  mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.