“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GALLA SYÝASATY – HALKYMYZYŇ RYSGAL – BEREKETI” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda  “Hormatly Prezidentimiziň galla syýasaty – halkymyzyň rysgal –  bereketi” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda şu ýylyň 30-njy iýunda ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmekde, halkymyzy türkmen topragynda öndürilen guşgursak dänäniň ak uny bilen üpjün etmekde we saçaklarymyzyň berekedini artdyrmakda ýene bir zähmet ýeňşi gazanyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz türkmen gallaçylarynyň Watan harmanyna däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary kabul etdi. Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragy tabşyryldy. Gazanylan bu üstünlik — beýik zähmet ýeňşi hormatly Prezidentimiziň gallaçy kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, bugdaý ekýän hususy telekeçilere we beýlekilere döredip beren giň mümkinçilikleriniň, döwlet ýeňillikleriniň, yzygiderli satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň datly miweleridir. Öňde goýlan belent sepgide ýetilmeginde ýurdumyzyň welaýatlarynyň her biriniň mynasyp paýy bar. Bu, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň beýleki pudaklar bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmeginde-de welaýatlaryň üpjünçiligine deň derejede ähmiýet berýändiginden, olaryň her biriniň ösüşi babatda aýratyn tagalla edýändiginden habar berýär diýip çykyşlarda bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.