“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR” ATLY MASLAHAT

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji,  “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzyň günleri ýatdan çykmajak wakalara beslenip ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda birnäçe belent sepgitlere ýetilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglyk ulgamyna hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň saglyk ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça  “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi,  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi  tarapyndan bilelikde guramaklarynda “Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda edilen çykyşlarda 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşmagynyň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny, Milli Liderimiziň ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygyny görkezen nobatdaky waka bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe   Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişiň ähmiýeti  dogrysynda hem giňişleýin çykyşlar boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň saglygy barada uly aladalary edýän, ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.