“TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna gabatlap halkymyza eden ajaýyp  sowgady bolan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň ähmiýeti, many-mazmuny barada giňişleýin durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy maglumatlara esaslanýan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly düýpli eseri döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň toplumynyň üstüni ýetirdi. Bu ajaýyp eserde halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar öz beýanyny tapdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň geljekki syýasy ösüşini kesgitledi. “Biz ony hemişelik Bitaraplyk hökmünde kabul etdik” diýip, Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda nygtap belleýär. Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar bu neşiriň sahypalarynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigini hem-de onuň Bitaraplyk derejesinde ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigini nygtadylar.

Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň şa galamynyň ýiti bolmagyny, şular ýaly ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Türkmen halkyny baky bagtyýar günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolup alyp barýan umumyadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etdiler.