“TÜRKMENISTAN – BMG: DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Türkmenistan – BMG: durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde bu halkara bileleşigine agzalygyna kabul edilip, halkara hukugynyň doly hukukly agzasy bolandygyny, bu senäniň türkmen halky üçin aýratyn ähmiýete eýedigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýaş türkmen döwletiniň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagy özygtyýarly, Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilmegiň iň ýokary derejesi boldy we dünýä döwletleriniň, ähli halkara guramalarynyň ynamyna mynasyp bolup umumy ykrar edilen halkara hukugy esasynda öz ösüşini dowam etdirýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň agzalygyna kabul edilen pursatyndan bäri, bu gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Strategik häsiýete eýe bolan bu hyzmatdaşlyk Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy ýörelgelerine esaslanýar. Hut şu gurama agza bolup duran döwletleriň goldawy bilen Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolup, öz ösüşini parahatçylykly ýol bilen dowam etdirýär, diýip maslahatda çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.

Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde adamzat jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, halkara derejesinde bu meseleleriň çözgüdini tapmak üçin dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy örän jebis we sazlaşykly ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä bileleşigi biziň ýurdumyzyň ähli başlangyçlaryny goldaýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy ündäp, öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň “Halkara Bitaraplyk güni” hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistan Watanymyzyň ynsanperwerlige, hoşniýetlilige esaslanýan, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýörelgesi hasaplanýan Bitaraplyk syýasatynyň täze mazmunda, has täsirli hyzmatdaşlyk ýoluna öwrüljekdigine çykyş edenler uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler.     

Maslahata gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!