“TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW – DÜNÝÄDE YKRAR EDILEN LIDER” ATLY MASLAHAT

2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň,  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda “Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow – dünýäde ykrar edilen Lider” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.