“Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlary üstünliklere beslenýär” atly maslahat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy has-da artýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýaňy-ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitinde, şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyny kabul etmegi we gepleşikleriň barşynda Milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli eýermek bilen öňe süren teklipleriniň gollanmagy, şeýle hem degişli resminamalaryň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ähliumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň, özara hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdançany döretmegiň bähbidine mundan beýläk-de umumy tagallalary jebisleşdirmäge ýardam bermegi nazarlaýandygy aýdyň subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu beýik işleriniň jemlerine bagyşlanyp Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlary  üstünliklere beslenýär” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmen döwlet gurluşyk we binagärlik institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Tuwakow Merdan, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy Annageldi Atabaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Perhat Çaryýew, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy Gylyçmuhammet Joraýew çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara abraýy artdyrmak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler syýasaty dogrusynda giňişleýin durup geçdiler we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde diňe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.