“Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary – döwlet berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna belent maksatlar” atly maslahat

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary – döwlet berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna belent maksatlar” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlaryna amala aşyran toý saparynyň jemlerine bagyşlandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri dowam etdirilip gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň oba hojalygyny çalt depginde ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, oba hojalygyna täze tehnologiýalaryň ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylyp, önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ulanmak barada çäreleriň görülýändigini, Arkadagly Serdar Prezidentimiziň bu pudagy ösdürmekdäki aýgytly çäreleri halkymyzyň bol-elin ýaşaýşynyň, bagtyýar durmuşynyň kepili bolup durýandygyny, şoňa görä-de, Hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri bilen söhbet etmegi, ekerançylygy düýpli ösdürmek barada pikir alyşmagy ähli türkmen daýhanlaryny ruhlandyryp, kärendiçilerde has tutanýerli işlemäge höwes döredilýändigini belläp geçdiler.

Bu welaýatlarda nebit-gaz pudagyna degişli täze desgalaryň açylmagy bolsa, Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyna güwä geçýän möhüm wakalardyr. Bularyň ählisi hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ümzüginiň ileridiginiň, geljeginiň aýdyňdygynyň anyk subutnamasydyr.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.