“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI – AŞGABAT” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli “Arkadagyň ak şäheri – Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli yglan edilen bu döredijilik bäsleşigi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýaşlary we beýleki döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz özleriniň goşgydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar. “Arkadagyň ak şäheri – Aşgabat” atly döredijilik bäsleşigi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny giňden wasp etmekden ybarat boldy.

Dabarynyň dowamynda Aşgabat şäher häkimliginiň Aşgabat döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny wasp edýän birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi.

Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan ildeşlerimize Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýan, döredijilik bilen meşgullanmana ähli giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň elmydama aman bolmagyny, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.