Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baranlarynda, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, dalaşgäriň ynanylan wekili B.Saparowa çykyş edip, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Deňiz söwda floty” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş hünärmeni E.Matdyýewe söz berdi. Ol ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de onuň şahsy, işeňňirlik we ýokary derejeli hünärmen hökmündäki häsiýetlerini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini belläp geçdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu taryhy resminamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de tebigy kuwwatyny halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir.

Dalaşgäriň çykyşynda halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmegiň geljegine, ýaşaýyş jaý gurluşygy babatdaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginde, ähli ulgamlarda, şol sanda täze önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň abadanlaşdyrylmagynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ulanmak üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy geljek 30 ýylyň dowamynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda, gury ýerde hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän baý nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça giň möçberli işler dowam etdiriler. Şunuň bilen birlikde, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini depginli artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmen “mawy ýangyjyny” hem-de elektrik energiýasyny daşarky bazarlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça uly işler alnyp barlar. Täze awtomobil we demir ýollarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Ýurdumyzyň sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýollary, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, şeýle hem Merkezi Aziýanyň “deňiz derwezesi” — Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty doly kuwwatynda işlediler.

Oba hojalygyndaky özgertmeler hem ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň gowy görnüşlerini ekmek, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek, obasenagat toplumyna bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak işleriň esasy ugurlary bolar.

Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek barada aýratyn durlup geçildi.

Ilatyň saglygyny berkitmek, berk bedenli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, dalaşgär belledi.

Duşuşykda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmäge, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga, welaýatyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň üstünde durup geçdi. Ýygnananlarda saglygy goraýyş, bilim, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşlaryň iş bilen üpjün edilişi babatdaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň geljegi gyzyklanma döretdi. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini degişli konsepsiýanyň çäklerinde tapgyrlaýyn özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Munuň özi diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologik nukdaýnazardan-da örän wajypdyr.

Duşuşygyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, saýlawçylaryň ynamyny ödemek üçin bilimini hem-de tejribesini ulanyp, ähli tagallalary etjekdigine, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem-de ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.