“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: nusgawy ösüş ýoly bilen aýdyň maksatlara tarap” atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ýurdumyzyň Syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň guramagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: nusgawy ösüş ýoly bilen aýdyň maksatlara tarap” atly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ähli syýasy, ykdysady, guramaçylyk mümkinçiliklerini şu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirýär. Ýurdumyzyň özgertmeler syýasatynyň baş maksady halkyň abadançylygyny, bol-elin ýaşaýşyny, sagdyn durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz dünýä ösüşiniň häzirki döwürdäki çylşyrymly şertlerinde sazlaşykly ösýän jemgyýetiň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek bilen, Türkmen döwletini hem syýasy taýdan hem-de durmuş-ykdysady taýdan berkitmegiň pugta esaslaryny kemala getirdi. Halkyň hemmetaraplaýyn goraglylygy üpjün edildi. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösüşi saklanyldy. Adamlara döwlet tarapyndan durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi dowam etdirilýär. Ösüş maksatnamalarynda göz öňünde tutulan önümçilik we durmuş maksatly taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Täze önümçilik toplumlary, kärhanalar obasenagat pudagynyň desgalary we beýleki köp-köp binalar, ýollar, howa menzilleri, dynç alyş-söwda merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Ýakynda hormatly Arkadagly Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde işleriň alnyp barlyşy, ýaşaýjylaryň hal-ýagdaýlary, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzy dabaralandyran ýene bir şanly waka boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň toý saparynyň çäklerinde Balkan – Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem-de maldarçylyk pudagynda zähmet çekýän düýe çopany bilen duşuşmagy, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Daşoguz welaýatynyň köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilýändiginiň ýene bir subutnamasy bolandygyny uly buýsanç bilen bellenildi.

Her bir adamyň, her bir maşgalanyň aladasy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň derejesinde belende galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete, türkmen halkyny bagtyýar millete öwürmek ugrundaky  her bir başlangyjy, her bir pikir-garaýşy halkyň bagtyýar durmuşynyň, nesilleriň aýdyň geljeginiň kepilidir.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!