«GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTAN BAGTYÝARLYGYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY» ATLY MASLAHAT

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekany» atly maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, Watanymyzyň waspyny edýän aýdymdyr-sazlar ýurdumyzyň sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň foýesinde amaly-haşam eserleriniň sergisi giňden gural guraldy.

Maslahata ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraý mertebesini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan hoşniýetli ynsanperwer parahatçylyk ýörelgämizi üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!