«Halal zähmet – baky döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar boýunça batly gadamlar bilen ösýän abadan hem kuwwatly ýurdumyzda Milli maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär, agzybir hem jebis  halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň  ýokarlanmagy yzygiderli  üpjün edilýär.

Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy bilen birlikde, parahorluk we dürli nogsanlyklar ýaly, örän ýaramaz täsirli meseleler ýüze çykyp başlamagy, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň bu hadysalary ykdysadyýetden başlap, ahlaga çenli, biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýär. Şeýle-de bu ýaramaz endikler döwletimiziň ösüş ýolunda düýpli päsgelçilikler döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalary hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýörite meýilnama laýyklykda edara-kärhanalarda, zähmet köpçüliklerinde hem-de ilat arasynda parahorluga garşy göreşmek barada duşuşyklary we wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirilýär. Ine, şu gün hem şeýle mazmundaky «Halal zähmet – baky döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, ýaş hünämenleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň  guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Pena Aşyrow alyp baryp, ol ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili Batyr Berkeliýew, Aşgabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň müdiri Hemra Aramedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, Türkmenistanyň  Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň  guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň maslahatçysy Gülnara Atagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dil-edebiýat, taryh we pedagogiki ylymlary bölüminiň esasy bilermeni Rehmet Gylyjow çykyş etdiler.

Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň Hormatly Prezidentimiziň halal, bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döredip berilýän işler dogrysynda uly buýsanç bilen belläp geçip, ähli ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza öz sagbolsunlaryny aýdyp Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.  

Ýörite habarçymyz.