“HALK. DÖWLET. PREZIDENT: DEMOKRATIÝA, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK, DÖREDIJILIK WE ÖSÜŞ ÝOLY BILEN BELENT MAKSATLARA TARAP” ATLY MASLAHAT

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halk. Döwlet. Prezident: demokratiýa, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş ýoly bilen belent maksatlara tarap” atly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň täze tapgyry hökmünde badalga berlen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlary amala aşyrmak hem-de 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça kesgitlenen wezipelere bagyşlanyldy.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de şol mejlisde Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanandygy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Maslahata gatnaşyjylar munuň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bolup durýandygyny nygtap, bu wakanyň ýurdumyzyň halkara derejede at-abraýyny belende göterýän möhüm ähmiýetli wakadygyny bellediler.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda birnäçe gezek guramanyň abraýly düzümlerine — komissiýalaryna, komitetlerine we ýerine ýetiriji geňeşlerine saýlandy. Munuň özi ählumumy meseleleri çözmekde Türkmenistanyň barha artýan ornunyň ykrar edilýändiginiň, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen oňyn daşary syýasat ýörelgesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Maslahatda 2022 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna we onda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm ugurlaryna-da aýratyn üns berildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu gün Türkmenistanda şan-şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy milli däp-dessurlar mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan meseleleri bu strategiýanyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynda öz beýanyny tapýar.

Maslahatda ýakynda giň bäsdeşlik, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň, onuň netijeleri boýunça Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze Prezidentiniň işe girişmeginiň türkmen döwletiniň häzirki zaman taryhyndaky demokratik binýadynyň pugtalandyrylmagyndaky aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Munuň Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, onuň täze taryhy eýýamda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Bu baradaky çykyşlar Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany hökmünde işe girişmek dabarasynyň geçirilen senesinden ertesi güni köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berlendigi bilen baglanyşykly söhbetlere syrykdyrylyp, has-da baýlaşdyryldy. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan mejlisinde hormatly Prezidentimize 1-nji aprelden özüne zähmet rugsadynyň berilmegi baradaky haýyş bilen ýüz tutup, şu döwürde täze kitaplaryny ýazyp tamamlap biljekdigi hakynda aýdan sözleri barada-da durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz üçin ýene-de ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarlaýandygyny aňladýar.

Maslahata gatnaşyjylar täze döwrüň täze wezipeleri öňde goýýandygyny nygtap, olary ýerine ýetirmekde irginsiz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.