Halkara zenanlar güni mynasybetli

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň düzüminde zähmet çekýän zenan gyz-gelinlere Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda  Türkmenistanyň syýasy partiýalaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Hormatly Prezidentimiziň adyndan gyz-gelinleri baýramçylyk gutlaglary bilen olara dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyş çäresi geçirildi. Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym saz toparynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary giňden ýaňlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň soňunda dabara gatnaşyjylar Berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!