“Halkyň Arkadagly zamanasy: durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentlikleri” atly maslahat

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň syýasy partiýalary, Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde gurnamaklarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy: durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentlikleri” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.