“Halkyň Arkadagly zamanasy: kanunyň hökmürowanlygy we adam bähbitlerini goramakda ileri tutulýan ugurlar we ýetilen sepgitler” atly maslahat

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy: kanunyň hökmürowanlygy we adam bähbitlerini goramakda ileri tutulýan ugurlar we ýetilen sepgitler” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryny döwrüň talabyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, oňa milli ruhy gymmatlyklary ornaşdyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek ugrunda oňyn halkara tejribesine esaslanýan hukuk özgertmeleri geçirilendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda netijeli işleriň dowam etdirilýändigini belläp geçdiler.

“Açyk gapylar” syýasatyndan ugur alýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurdumyzyň mizemez hukuk esaslary gün-günden berkeýär. Çykyş edenler Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň, Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasynyň, Gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Herekerleriň meýilnamasynyň, Halkara ynsanperwer hukugyny amala aşyrmak babatda çäreleriň 2021-2023-nji ýyllar üçin milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça geçiren maslahatynyň ýurdumyzda giň seslenme tapandygyny aýratyn bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.