“Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: Parahatçylykly ösüş we nesilleriň bagtyýar durmuşy” atly maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik başlangyçlaryň her birinde adamlaryň bähbitleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolmagy bolsa her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: Parahatçylykly ösüş we nesilleriň bagtyýar durmuşy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işlere, BMG bilen hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetli orny, öňe sürülýän başlangyçlar, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ösüş ýolynyň halkara ykrarnamasy, ýaşlar syýasatynyň çäklerinde döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruny üýtgewsiz dowam etdirýändigini, şunda BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini, şol gatnaşyklaryň soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolandygyny nygtap bellediler. Çykyş edenler BMG-niň ştab-kwartirasyndan 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilendigi, şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygy baradaky hoş habarlaryň Türkmenistanyň parahatlyk söýüji ösüş ýolunyň Milletler bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatda çykyş edenler ýene-de bir möhüm waka barada durup geçip, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahata gatnaşmagy hemmelerde, esasan hem ýaş nesillerimizde uly buýsanç, guwanç duýgularyny döredendigini belläp geçdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda badalga berlen taryhy özgertmeler ýaşlarda bagtyýar we abadan geljege bolan ynamy berkidýär. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.