“Halkyň Arkadagly zamanasynda döwletiň ykdysady we maliýe mümkinçilikleri hem-de senagat pudaklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň syýasy partiýalary, Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Halkyň Arkadagly zamanasynda döwletiň ykdysady we maliýe mümkinçilikleri hem-de senagat pudaklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi.