“Halkyň Arkadagly zamanasynda täze syýasy ugur we ýaşlar” atly maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy taýdan kämil, terbiýeli, ylymly-bilimli, kämil watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda döwlet ähmiýetli ileri tutulýan strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesli, her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halkyň Arkadagly zamanasynda täze syýasy ugur we ýaşlar” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaşlarymyzy ruhy-ahlak, medeni aň-bilim taýdan ýokary düşünjeli, sagdyn nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere bagyşlandy. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça degişli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwletiň üns merkezinde durýandygyny, ýaş nesliň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar ýene-de bir möhüm waka barada durup geçip, ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler – Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda geçen foruma sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenip parahatçylygyň we ynanyşmagyň ösdürilmegine, dost-doganlygyň berkidilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ýardam berjek möhüm waka bolandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Maslahatda çykyş edenler Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendigini aýratyn belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.