“Halkyň bagtyýarlygy – ata Watanymyzyň abadançylygy” atly maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halkyň  bagtyýarlygy  –  ata  Watanymyzyň  abadançylygy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmegi we şol bir wagtda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy başarýan döwletimiziň bu gün durmuş-ykdysady ösüşiň derejesi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda saklanýandygy hakynda boldy. Ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri ýeterlik möçberde iým bilen üpjün etmek üçin iýmlik mekgejöweniň, soýany we iýmlik bugdaýyň mukdaryny köpeltmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak boýunça kabul edilen resminamalardyr, tabşyryklaryň ähmiýeti barada maslahata gatnaşanlar aýratyn uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede ösdürmek üçin tarp ýerler özleşdirilýär, ýerleriň hasyllygyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny gurplandyrmak üçin has gowy netijeleri işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek, bu ugurda kiçi we orta telekeçiligiň işini höweslendirmek, welaýatlarda ýer kadastryny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýandygyny çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde ösüşiň milli nusgasynyň, ynsanperwer durmuş syýasatynyň aýratynlyklaryny aýdyň görkezýär.

Maslahata gatnaşyjylar ýene-de bir möhüm wakany belläp geçdiler, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň umra haj däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda iki günlik saparda bolmagy, Arkadagly Serdarymyzyň zyýaraty wagtynda mukaddes Käbäniň – Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açylyp we onuň içinde namaz okamak üçin örän seýrek mümkinçiligiň döredilmegi mukaddesliklere sarpa goýýan halkymyzda çuňňur begenç duýgusyny döredendigi hakynda aýtdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýarlygyna ata Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilen her bir başlangyjy türkmenistanlylaryň guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrülýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.