“Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti: Halkara, sebit ähmiýetli gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri” atly maslahat

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti: Halkara, sebit ähmiýetli gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, şeýle-de ylym, bilim, saglyk, sport pudaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.