“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ABADANÇYLYGYŇ WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HATYRASYNA OŇYN BAŞLANGYÇLARY” ATLY MASLAHAT

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu ýylyň maý aýynyň 5-ine geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmek maksady bilen  Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Hormatly Prezidentimiziň abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna oňyn başlangyçlary” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda hormatly Arkadag Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamaga gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgä esaslanýan ynsanperwer syýasaty, pähim-paýhasa ýugrulan bu ynsanperwer syýasatynda adamlaryň saglygyny goramaga ygtybarly esas döredýän ähli mümkinçilikleri, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda döredilýän zerur şertler dogrusunda çykyşlar boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan bimäçber işlerine özleriniň ýürekden çykýan hoşallyklaryny bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk uzak ömür, il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli işlerinde diňe  üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.