“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI BERKARARLYGYŇ, BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri berkararlygyň, bagtyýarlygyň kepili” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň geçirilýän ýerinde amaly-haşam eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylyk we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir güni şanly wakala, dabaraly açylyşlara baý boldy. Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejeli halkara gatnaşyklaryndaky ornunyň barha ýokarlanýandygy hemmämize mälim. Ýakynda Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag düzüminiň kemala gelýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ol sebit döwletleriniň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir etmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we amatly daşalmagyna mümkinçilik berer. Bu halkara ähmiýetli iri gurluşyk taslamasynyň dünýä standarlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan bir näçe halkara serfikatlaryna mynasyp bolmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýanlygynyň ýene bir aýdyň nyşany bolandygyny çykyş edenler nygtap bellediler.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen ýakyndan tanyşdy. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumynyň töwereklerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňe süren başlangyjy halkymyzyň uly goldawyna eýe boldy. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylda paýtagtymyzda we welaýatlarda 30 million bag nahallary ekiler. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürjek köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga goşant bolandygyny we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň berkararlygyň, bagtyýarlygyň kepilidigini maslahatyň barşynda çykyş edenler buýsançly belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!