“Hormatly Prezidentimiziň halkara ähmiýetli başlangyçlary: ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda “Hormatly Prezidentimiziň halkara ähmiýetli başlangyçlary: ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler üstümizdäki ýylyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede
“Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamalaryny işläp taýýarlaýandygy barada bellemegi, sebitiň diňe bir yklymyň çäklerinde däl, eýsem, ählumumy ösüşde hem barha artýan ornuny nazara almak bilen, ýurdumyzyň özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini çözmäge toplumlaýyn, deňagramly çemeleşýändiginiň nobatdaky güwäsi bolup durýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjülikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, beýik tutumly işleriniň bolsa uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.