“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÝAŞLARA SARGYTLARY – GELJEGIŇ AK ÝOLY” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Mejlisi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar gününde talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyna bagyşlanan “Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara sargytlary – geljegiň ak ýoly” atly maslahat geçirildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen bu duşuşyk 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ajaýyp başlangyjy boldy diýip çykyş edenler bellediler. Bilim ulgamynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerini watansöýüji, ýokary ahlakly, beden hem ruhy taýdan sagdyn, döwrebap we hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerinde esasy binýat bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda geçmiş taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetleriň mysalynda Watana gulluk etmek, ata-enäni sylamak, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak barada ýaşlara beren gymmatly  maslahatlary, öwüt-ündewleri, türkmen halkynyň geçmişinden, şu gününden, geljeginden söz açýan söhbetleri ýaşlarda uly buýsanç we jogapkärçilik duýgularyny döredendigini bellediler. Milli Liderimiziň bu geçiren Watançylyk sapagynyň Watanymyzyň ösüşinde, beýik geljeginde ýaşlara, olaryň bilim derejesine, ruhy-ahlak sypatyna, milli garaýyşyna örän uly ynam bildirýändiginiň aýdyň mysaly boldy.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!