“Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary: ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary: ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.