“Hormatly Prezidentimiziň Saglyk maksatnamasy – bagtyýar durmuşyň ak ýoly” atly maslahat

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamaga gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgä esaslanýan ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan bu ynsanperwer syýasatynda adamlaryň saglygyny goramaga ygtybarly esas döredýän ähli mümkinçilikleri emele getirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň Saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda zerur şertler döredilip, uly işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjililkli baştutanlygynda keselleriň öňüni almak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda Döwlet we milli Maksatnamalar kabul edilip, olar üstünlikli amala aşyrylýar. Şolaryň netijesinde bolsa ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň köp sanly sylaglaryna, ykrarnamalaryna eýe bolýar.

Ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamymyzy ylmy esasda ösdürmek, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribelerini öwrenmek, olar bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly başlangyçlary bilen baglydyr.

Ine şular ugur alyp geçen hepde-de Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde “Hormatly Prezidentimiziň Saglyk maksatnamasy – bagtyýar durmuşyň ak ýoly” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyşlar esasan Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler bilen bagly boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ençeme beýik işleri durmuşa geçirýän, baş baýlyk bolan ynsan saglygyny gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar!

Ýörite habarçymyz.