«Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty dabaralanýar» atly maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli  Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň  Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mili Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty dabaralanýar» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredildi diýlip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmäge ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy halallyga, adyllylyga beýik maksatly işlere, eşretli günlere ynamly öňe alyp barýan hem-de saglygy goraýyş ulgamda ýetilýän sepgidiň dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmagy ugrunda beýik tutumly işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.