“MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ MEDENI-SEÝILGÄH TOPLUMY – ARKADAG PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERINIŇ BEÝANY” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Mejlisi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda “Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy – Arkadag Prezidentimiziň beýik işleriniň beýany” atly maslahat geçirildi.

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş sapary paýtagtymyzyň günortasynda bina edilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy bilen baglanyşykly boldy. Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär. Mähriban Arkadagymyz bütin ömrüni, döredijiligini, arzuw-hyýallaryny öz iline bagyşlan beýik şahyryň hatyrasyna uly işleri bitirýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dünýä halklaryna ýetirilmegi barada giň gerimli işleri ýola goýýar. 300 ýyla golaý mundan öň türkmeniň bagtyna dünýä inen şahyryň arzuw-hyýallary bilen mähriban Arkadagymyzyň beýik maksatlarynyň meňzeşdigi, bir bitewidigi sebäpli bu iki taryhy şahsyýetiň ady halkyň kalbynda arşa göterilýär diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler.

Magtymguly Pyragynyň:

“Hor galmasyn puştdan-puşdum,

Berkarar döwlet islärin” – diýip eden arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna, türkmen halkynyň berkarar döwletiň eýesi bolup, şan-şöhratynyň artjakdygyna asyrlarboýy tüýs ýürekden ynanyp gelen milletimiz hyýallary hakykata öwüren Gahryman Arkadagymyza kalbynyň töründen orun berýär. Bu iki beýiklik – Magtymguly hem-de mähriban Arkadagymyz geçmiş bilen geljegiň arasyndaky tylla köpriniň synmaz sütünleridir, mizemez binýadydyr diýlip çykyşlarda aýdyldy.

Paýtagtymyza amala aşyran iş sapary wagty hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny iň owadan, kaşaň künjekleriň birine öwürmek barada tüýs ýürekden alada edýändigini gördük. Şol ýerde milli Liderimiz: “Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy asman bilen Zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolmalydyr. Onda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy kökleri we häzirki döwürde bitirilýän asylly işleriň belentligi öz beýanyny tapmalydyr. Toplum akyldar şahyryň hut özüniň äleme nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we kaşaň bolmalydyr” diýen çuňňur manyly sözlerini çykyş edenler aýratyn nygtap bellediler.

Öz halkynyň kalbyna, ynanç-ygtykadyna öwrülen Magtymguly Pyragy adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik dessanyny şygyr bilen döreden akyldardyr. Pyragy türkmeniň göwün köşgüni şygyr bilen bina eden bolsa, Gahryman Arkadagymyz öz halkynyň arzuwlaryny beýik-beýik binalarda, gül öwüsýän Watanymyzyň keşbinde baky nur saçyp durjak dessana öwürdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şu güni bagtyň beýanydyr. Beýikligiň, mukaddesligiň nusgasydyr. Çünki, türkmen döwletiniň ruhunda beýik Pyragynyň, mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna çäksiz söýgüsi şöhle saçýar diýip maslahatda çykyş edenler uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!