“MIRASYMYZ – BUÝSANJYMYZ”, “MUKADDESLIKLERE SARPA”, HEM-DE “GARAŞSYZLYK, BITARAPLYK – KALBYMYZYŇ JOŞGUNY” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIKLERI

Ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen “Mirasymyz – buýsanjymyz”, “Mukaddesliklere sarpa”, hem-de “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny” atly döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp ýeňiji bolan ildeşlerimize Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan sowgatlar we hormat hatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Berkarar Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän,  mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.