«Ömrümiň manysy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri şeýle-de ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri  gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen bu eseriň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýändigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

«Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eserinde Mähriban Arkadagymyz  pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri Ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz täze  eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär. Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müň­ýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi müň­ýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. “Ömrümiň manysy” kitaby tutuş dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Eserde okyjylar türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Eserde Abu Seýit Abylhaýyr (Mäne baba), Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly sufizmiň görnükli wekilleriniň, ulamalaryň hem-de syýasatşynaslaryň durmuşyna göz aýlap bolýar.

Türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, geljegi di­ňe geçmişe daýanyp gurmalydyr. Many-mazmuny boýunça örän gymmatly bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň peşgeş goýan mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işler öz beýanyny tapýar. Biziň halkymyzyň buýsanmaga zady köpdür. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet galamyndan çykan taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder.

Maslahata gatnaşanlar we çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň dowamat dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.