«Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine, bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.