«Pederleriň mukaddes ýoly nesilleriň aýdyň ýörelgesidir» atly maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Pederleriň mukaddes ýoly nesilleriň aýdyň ýörelgesidir» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

 «Pederleriň mukaddes ýoly nesilleriň aýdyň ýörelgesidir» diýen at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň wekilleri, ýokary we orta okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň köp sanly işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, pederlerimiziň Watana, il-güne hyzmat etmäge bagyşlanan, ynsanperwerligi, haýyr-sahawatlylygy, umuman, ähli ýagşy häsiýetleri hemra edinen ömür ýollary ýaş nesiller üçin nusgalykdyr, durmuş ýörelgesidir. Ykbalyny il-güne hyzmat etmäge, adamlaryň bagtyýar, asuda ýaşaýşynyň goraglylygyna bagyşlan beýik ynsan, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, içerki gullugyň podpolkownigi Mälikguly Berdimuhamedowyň manyly ömri hem ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir. Watansöýüjiligiň, mertligiň, pähim-parasatlylygyň, zähmetsöýerligiň hem-de ynsanperwerligiň nusgalyk ýoludyr.

Çagalyk döwri geçen asyryň ýowuz uruş ýyllaryna gabat gelen Mälikguly aga, şol wagtlar heniz kiçi ýaşlydygyna garamazdan, öz erjelligi, dogumlylygy, ruhubelentligi bilen tapawutlanýar. Oba adamlaryna, kömege mätäç maşgalalara elinden gelen ýardamyny gaýgyrmaýar, olaryň berekellasyna, alkyşlaryna mynasyp bolýar. Watan goragyna giden kakasy — edermen esger, ilhalar ynsan, mertebeli mugallym Berdimuhamet Annaýewiň asylly, mukaddes ýoluny dowam edýär. Şol gowgaly ýyllarda «Ýeňiş biziňki bolar», «Köp ekeliň dänäni!», «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Ýürekleň buýsanjy — Watan», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär», «Gideliň biz atalaryň ýolundan» ýaly, çuň many-mazmunly goşgulary döredip, adamlary ýeňşe, bagtly günlere, ýagşy işlere, päk zähmete ruhlandyrýar. Mälikguly aganyň nusgalyk ömri, asylly, beýik ahlak sypatlary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ajaýyp eserlerinde anyk durmuş wakalary esasynda çeper beýan edilýär. Hormatly Arkadagymyz: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýip belleýär. Maslahatyň dowamynda şular barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatda çykyş edenler peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň, halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine beýik ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.