SAGDYN JEMGYÝET – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramaklarynda “Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili”  atly maslahat geçirildi.

Oňa paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giň gerime eýe bolýandygy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ajaýyp zamanamyzda Watanymyza, ene topragymyza ygrarly, sagdyn bedenli, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen bellediler.

Ýörite habarçymyz.