TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «BITARAPLYK – DAŞARY SYÝASATDAKY BAŞ ÝÖRELGÄMIZ» ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik  guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – daşary syýasatdaky baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi, munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär diýip çykyşlar belläp geçdiler. Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedigi, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrlygy, Watanymyzyň Bitaraplyk derejesi ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň Durnukly Ösüş maksatlary bilen baglylykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini beýan edýär diýip uly buýsanç bilen aýtdylar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi häzirki zaman şertlerde Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip bellenilip geçildi.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolupdurýar, bu şygar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar we adamzat ösüşiniň ählumumy ösen meýillerine doly derejede kybap gelýär we dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşini işläp düzýär diýip nygtap geçdiler.

Çünki Bitaraplyk ylalaşdyryjylyk diplomatiýasynyň, deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň hem-de döwletiň okgunly ösüşiniň özeni, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar diýip maslahatyň dowamynda aýdyp geçdiler.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we Aşgabat şäherimizde gurlup ulanylmaga berilýän binalarynyň sanynyň artýandygy we olaryň gurlup ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ajaýyp sözleriniň aýdyň durmuşa geçýändiginiň subutnamasydyr diýip çykyşlarda uly ruhubelentlik bilen aýtdylar.

Maslahatyň ahyrynda parahatçylygyň hem-de ösüşiň täze ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan dünýä adamzat bähbitli işlerinde uly rowaçlyklaryň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.