TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary,Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň bitaraplygy – dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň binýady» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňden görüjilikli ýolbaşçylygynda Hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan  soňra gazanylan üstünlikler, çärýek asyryň dowamynda ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin durulyp geçildi.

Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyz halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman arhitekturasyny kemala getirmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň esasy şertleri bolup durýandygyny yzygiderli nygtap, dünýä bileleşigine 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan  doly goldanyldy.

Şeýle hem şu ýyl 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýylynyň toýlanýandygy we bu baýramçylyga ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalary hem  baýramçylygy mynasyp garşylamak, onuň many-mazmunyny, ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek ugrynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durlyp geçildi. Maslahatyň ahyrynda Watanymyzyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, ähli alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.