“Türkmen alabaýy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyplarynyň  hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmammedowyň gatnaşmaklarynda edebi-sazly çykyş bilen açylyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri Myrat Tuwakow alyp bardy. Soňra tanyşdyrylyş dabarasy Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary, Ata Serdarow Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Kitapdan çeper okaýyş, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Batyr Çaryýew, Amanguly Magtymow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory, Türkmenistanyň döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşginiň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Sahydursyn Hojakowanyň ýerine ýetirmeginde aýdym, Baýramdurdy Taýharow Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş  institutynyň kafedra müdiri, professor, Agamyrat Baltaýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa  institutynyň bölüm müdiri, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» aýdym-saz toparynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedowyň ýerine ýetirmeginde aýdym, Italmaz Saparlyýew S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor, hem-de Suhan Orazberdiýew Türkmenistanyň döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşginiň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artistiniň gatnaşmaklarynda buýsançly çykyşlar edildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýörite habarçymyz.