“Türkmen-ýapon gatnaşyklary täze ösüşlere badalga” atly maslahat

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir!”diýen esasy ýörelgesine berk eýerilip alyp barýan dünýä nusgalyk ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň nejisinde bolsa ýurdumyzyň halkara abraýy barha rowaçlanýar. Muny Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş saparyny amala aşyran döwründe Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen belent adyň dakylmagy, şeýle hem alyp barýan beýik işleri aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň bu beýik işleri giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Türkmen-ýapon gatnaşyklary täze ösüşlere badalga” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew,  Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Tuwakow Merdan, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň başlygy Berdinazar  Haşyrow, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ýazpolat Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Italmaz Saparlyýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Hudaýberdiýew çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we beýleki ugurlarynda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady, ilkinji nobatda, her bir adamyň abadançylygyna, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hem-de sagdyn ösmegine gönükdirilen beýik işlerini uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler. Bulardan başga-da maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzy Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde diňe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.