“Türkmenistan - GDA: netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly maslahat

Hormatly Prezidentimiziň  öňdengörüjilikli parasatly baştutanlygynda bu gün ata Watanymyz tutuş dünýäde ylalaşdyryjy döwlet, parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň höküm sürýän ýurdy – çalt depginde özgerýän hem-de ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde giňden tanalýar. Gahman Arkadygymyzyň beýik başlangyçlary bilen Ýer ýüzüniň ähli ynsanlarynyň ykbalyna dahylly köpugurly işler, uly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär we halkymyzyň abadançylyk, dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri giňden dabaralanýar.

Şu beýik işleri giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Türkmenistan - GDA: netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewa, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Bäşim Annagurbanow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, Döwletgeldi Ballyýew, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu Geňeşiniň mejlisiniň Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan daşary syýasaty dünýä bileleşiginde uly goldaw tapýandygynyň nobatdaky ykrarnamasydygyny uly buýsanç bilen öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýörite habarçymyz.