“Türkmenistanyň baky Bitaraplygy – berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy” atly dabaraly maslahat

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda parahat, asuda, agzybir ýaşaýan, erkana işleýän, döredýän we gurýan watandaşlarymyz halkara derejesine eýe bolan bu şanly senäni — Halkara Bitaraplyk gününi ýetilen täze sepgitler, gazanylan zähmet ýeňişleri, ýatdan çykmajak pursatlar, taryhy wakalar bilen baýlaşdyrýar. Adamzadyň belent ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýan, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşmeýilli gatnaşyklary pugtalandyrýan bu halkara baýramçylygyna bagyşlanyp döwlet derejesinde maslahatlar, medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär.

In şu gün hem Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Türkmenistanyň baky Bitaraplygy – berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, aýratyn hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhy wakalary, häzirki zamanyň görnükli döwlet işgäri, meşhur syýasatçysy bolan hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlary dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Maslahatyň geçirilýän ýerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi wasp edýän surat sergisi guralyp, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar diňlenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşylar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösmegini, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyny arzuw etdiler!

Ýörite habarçymyz.