“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISI – BERKARARLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi – berkararlygyň we jebisligiň  dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň geçirilýän ýerinde amaly-haşam eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylyk we ynanyşmagyň Watany” ýylynda okgunly ösýän ýurdumyzda taryhy ähmiýetli möhüm wakalar bolup geçýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle möhüm wakalaryň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde gazanylan üstünlikler halkymyzy galkyndyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň dowamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, öýde durýan belent wezipeler barada Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň netijesinde eden taryhy çykyşynyň özenini düzdi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete, türkmen halkyny bagtyýar millete öwüren mähriban Arkadagymyzyň her bir başlangyjy, her bir pikir-garaýşy halkyň bagtyýar durmuşynyň, nesilleriň aýdyň geljeginiň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde durýan belent maksatlar hakdaky ynamly sözleri türkmen halkynyň kalbyna ganat bekledip, ruhuny arşa göterdi diýip buýsançly bellediler.

Mälim bolşy ýaly gazanylýan üstünlikler geljege bolan ynamyň binýadydyr. Mähriban Prezidentimiziň baştutanlygynda gurmak, döretmek ýoly bilen ynamy öňe barýan türkmen halkynyň geçmişiniň belent, şu gününiň aýdyň, ertiriniň ygtybarlylygyny görkezen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň netijesi ýurdumyzda berkararlygyň we jebisligiň nobatdaky dabaralanmasy boldy.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!