“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly binýady” atly maslahat

Geçen hepde-de paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde geçiren maslahaty “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly binýady” diýlip atlandyryldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi, «Açyk gapylar» syýasaty bilen, hoşniýetli goňşuçylygyň derwaýys wakalary, halkara hukuk düzgünleriniň berjaý edilişiniň meseleleri özara düşünişmek we diplomatik ýollary arkaly çözmek, döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ýörelgeleri dogrusynda çykyşlar guraldy.

Mundan başga-da milli Liderimiziň «Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir» diýen öňdengörüjilikli ýörelgelerinden ugur alnyp, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da ösdürmek meselelerine bagyşlanan çykyşlar boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiziň alyp barýan halk bähbitli, öňdengörüjilikli, ynsanperwer işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagy, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagy arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.