Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan pyýadalap, Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Soňky ýyllarda Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Onuň derejesi ýokary halkara ölçeglere kybap gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridiki taraplara ýokary hilli ätiýaçlandyryş hyzmatyny etmek, şonuň ýaly-da, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna «Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama “Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Tertibiň taslamasynda ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň düzgünleri, şonuň ýaly-da, ätiýaçlandyryş töleginiň möçberleri kesgitlenildi.

Tertibiň taslamasynda adalgalar, talaplar we hökmany ätiýaçlandyryşa degişli harby we hukuk goraýjy edaralar täze kanunçylyga laýyk getirildi, hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça harby gullukçylara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde degişli namalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemek şertleri has anyk beýan edildi, şeýle hem ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary kämilleşdirilip, pul möçberleri artdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ätiýaçlandyrmanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ykdysady, hukuk hem-de durmuş ulgamlarynyň aýrylmaz bölegidigini, onuň aýry-aýry raýatlaryň, guramalaryň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerine täsir edýändigini nygtady. Milli Liderimiz bu ulgamdaky ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, ätiýaçlandyryşy döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň berjaý edilmeginiň hem-de bu babatdaky işlere gözegçiligiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň düzgünleriniň takyk berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilige halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Dünýä bazary bilen aýakdaş gitmek üçin “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ösüşiniň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp düzmek boýunça anyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli halkara bäsleşigiň netijeleri barada maglumat berildi.

Işlenilip taýýarlanylýan tehniki-ykdysady esaslandyrma laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçiliklerini we ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, hereket edýän tehnologik desgalary kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem dünýä bazarynyň nebit, nebithimiýa önümleriniň görnüşlerine bolan isleglerine hem-de çig mal gorlarynyň ýagdaýyna görä täze gurulmaly desgalary anyklamak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ugurdaş iri kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz nebiti gaýtadan işleýän senagatda öndürilýän, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de türkmen tebigatyny aýawly saklamak boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer ýokary hasyl ýetişdirmek babatda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny kämilleşdirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda, ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» hem-de «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» Kararlara gol çekip hem-de olary ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig malyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda täze himiýa kärhanalary gurulýar, şolarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar, hereket edýän önümçilikleriň durky täzelenilýär hem-de düýpli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda, Gyýanlydaky polimer zawodynyň düzüminde, Balkanabat ýod zawodynda ýokarda bellenilen wezipeleri çözmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Tebigy gazdan izobutan öndürmäge mümkinçiligiň bardygy hem-de ykdysady taýdan bähbitlidigi ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli desgany gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi hem-de onuň netijesinde ýeňiji kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki islegleri doly kanagatlandyrmak hem-de daşary ýurtlara eksport etmek maksady bilen, ýokary hilli himiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere zerur tejribä hem-de tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmak baradaky meselä ýene-de bir gezek jikme-jik seretmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirildi. Şu ýylyň 11-nji fewralynda bu Maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekildi.

Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere seljerme geçirildi hem-de şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän düzümleri döretmek maksady bilen, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň käbiriniň möhletinden yza galýandygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli seljermek barada degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta önümlerini ýerlemek hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň dokma kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksadyndan ugur alyp, olary pagta önümleri bilen üpjün etmek baradaky degişli resminamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi we şol resminamanyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly serişde kuwwaty bilen baglylykda, dokma senagatynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň depginli ösýändiginiň mysaly bolup durýandygyny belledi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri artýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipäniň obasenagat toplumynyň we dokma toplumynyň bilelikde toplumlaýyn hem-de utgaşykly işlemeginden, senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin dokma kärhanalaryny pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekden ybaratdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine hem-de ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, içerki bazaryň isleginiň öwrenilmegine, egin-eşik we beýleki harytlaryň önümçiliklerini işläp düzmäge we işe girizmäge aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenilen Karara gol çekip, degişli ýolbaşçylara resminamada kesgitlenilen wezipeleriň ählisiniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

1-2-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu halkara foruma ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň hem meşhur suratkeşleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde dürli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda mährem enelere we gelin-gyzlara tüýs ýürekden hormatyň nyşanyna öwrülen ajaýyp bahar baýramynyň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň zenanlara hemişe uly hormat-sarpa goýandygyny belledi. Olar mukaddeslik hökmünde mähriban enelere, wepaly ýanýoldaşlara, söýgüli uýalarymyza uly sarpa goýupdyrlar we bu ajaýyp däbi öz nesillerine geçiripdirler.

Bu gün Türkmenistanda zenanlaryň erkin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, göwün islän hünäri bilen meşgullanmagy hem-de hakyky watançylaryň neslini terbiýelemegi üçin ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz zenanlarymyzyň tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere saldamly goşant goşýandyklaryny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ýurdumyzda uly hormat-sarpadan peýdalanýan zenanlar barada hemişe alada etjekdigini, olaryň bagtly bolmagy üçin ähli şertleri döretjekdigini, zähmetini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorajakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, olara ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmeginiň, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginiň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmeginiň, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.

«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady.

Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de milli we halkara derejede temmäkä garşy göreşmegiň tarapdarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girizildi.

Wise-premýer Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürläp, meýilleşdirilen işiň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlaryň sanyny köpeltmäge, zyýanly endikler sebäpli döreýän keselleriň derejesini azaltmaga, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli Karary taýýarlamak barada hödürlenilen teklibi makullady hem-de ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, saglyga zyýanly, hususan-da, temmäki ulanmak endiklerine garşy göreşmek boýunça işleri hemişe alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Öňde goýlan baş maksadyň raýatlarymyzyň abadançylygyny pugtalandyrjakdygy bellenildi.

Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, gadymdan bäri beden we ruhy taýdan sagdynlyga aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etmek, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny berkarar etmek köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir.

Häzir Türkmenistan temmäkä garşy ählumumy hereketiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmaga çalşyp, temmäkiniň ulanylmagyna garşy işleri işjeň alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda, ilatyň temmäki önümleriniň ulanylmagynyň ýaramaz täsirlerine degişli habardarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, häzirki we geljekki nesilleriň ömrüni we saglygyny goramaga, temmäkiniň ulanylmagyndan ýüze çykýan keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berler.

Bu möhüm ugurda görülýän ähli çäreler döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde yglan edilen adamyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwletimiziň alyp barýan giň gerimli harby özgertmeler syýasatynyň esasynda gözegçilik edýän edaralarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Öňde goýlan jogapkärli wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde iň täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar netijeli ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan edip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmäge gönükdirilen Harby doktrinany amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ählisiniň, hususan-da, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olary döwrebap ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň öňdebaryjy tehnologiýalary dolandyrmak başarnygyny talap edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

“Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda hem-de Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Olar Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. Şeýle hem bu döwlet sanawlary boýunça pudagara topar we onuň düzümi baradaky Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Bu taslamalar ýurdumyzda Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanyny artdyrmaga, olary giňeltmäge we ösdürmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň türkmen ykdysadyýetiniň toplumlaýyn wezipelerini çözmek üçin ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek, şol sanda milli aragatnaşyk giňişligini, internet hyzmatlarynyň ulgamyny kadalaşdyrmak we giňeltmek boýunça kanunçylyk goldawynyň çärelerini işläp taýýarlamak babatda amala aşyrýan işleriniň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz bu ugurdaky işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory ýuridik we fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň Tertibini tassyklamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçiligiň dörändigi bellenildi.

Kosmos işi bilen bagly hukuk, guramaçylyk we ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Kosmos işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan bellikler we teklipler nazara alnyp, agzalan resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary tehnologiýalara we ösüşiň geljegi uly ulgamlaryna, şol sanda kosmos aragatnaşygyna daýanmak bilen, ykdysadyýeti we senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz maglumatlary bermek üçin iň täze tehnologiýalary, giň zolakly aragatnaşyk we multimediýa hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň üstaşyr telekommunikasiýa mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, “Ýuridik we fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi we agentligiň ýolbaşçysyna ony ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra agentligiň Baş direktory «Türkmendemirýollary» agentligine konteýnerleri Türkmenistanyň çäginde demir ýol ulaglary bilen daşamagyň degişli bahalaryny ulanmak bilen bagly resminamanyň taslamasy barada hasabat berdi.

Demir ýollar arkaly daşalýan üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň kesgitlenilip, degişli logistika şertleriniň döredilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna konteýnerleri daşamak üçin ýeňillikli nyrhlaryň ulanylmagyny kadalaşdyrýan degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çäk taýdan örän amatly ýerleşýän Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag hem-de logistika merkezi hökmünde özüniň ornuny pugtalandyrýandygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran polat ýolunyň uly halkara ähmiýetini belledi. Bu ýol yklymara ulag düzüminiň möhüm bölegi, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde hakyky dostluk hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk köprüsi bolup durýar.

Milli Liderimiz degişli Buýruga gol çekip, bu babatda agentligiň Baş direktoryna anyk görkezmeleri berdi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigini nygtady we bu ugurdaky meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde deputatlaryň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de şu ýyl möhüm syýasy wakany guramaçylykly amala aşyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamalarynyň hukuk üpjünçiligi, milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, senagat, aragatnaşyk ulgamlarynyň işi, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, migrasiýa meselelerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işler dowam edýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda Halkara zenanlar gününi mynasyp garşylamaga taýýarlyk görülýär.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar, şonuň ýaly-da, düşündiriş-wagyz häsiýetli çäreleri geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumaty diňläp, Mejlisiň deputatlarynyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” we beýleki möhüm çözgütleriň mazmunyny we ähmiýetini giň köpçülige düşündirmek boýunça işleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň parlamentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini nygtap, ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy-ahlak terbiýesiniň meselelerine aýratyn ünsi çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýeti, onuň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän wajyp orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, kabul edilen çözgütleriň döwletimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, onuň ösüş ýoly bilen öňe ilerlemegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Umumymilli forumda garalan meseleler, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren teklipleri giň jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda ýerlerde ara alnyp maslahatlaşyldy we seljerildi. Halk Maslahaty bu işleri geçirmekde guramaçylyk-usulyýet hem-de utgaşdyryş kömegini berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary mejlisde kabul edilen Milli maksatnamany, onuň taryhy çözgütlerini giňden wagyz etmek maksady bilen, pudaklaýyn düzümlerde, jemgyýetçilik guramalarynda, kärhanalarda duşuşyklary we maslahatlary geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak hem-de halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlary ilerletmek işinde parlamentarileriň goşandynyň möhümdigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmek maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, ilat bilen hemişe aragatnaşyk saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz kanun çykaryjylyk babatda tejribeleriň alşylmagyna, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de döwleti demokratik hukuk taýdan ösdürmek ýolunda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy baradaky mesele boýunça hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň döredilip, her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy bu baýramçylyk bilen gutlady hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Milli Liderimiziň köpýyllyk maksada gönükdirilen tagallalary netijesinde, diplomatik gullugyň işi hil taýdan täze häsiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna we Kararlaryna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň beýleki döwletlerde birnäçe diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary açyldy. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ilçileri 15 sany halkara guramada Watanymyza wekilçilik edýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda we gönüden-göni goldamagynda diplomatik işgärleri taýýarlamak üçin güýçli we netijeli ulgam döredildi. 2008-nji ýylyň martynda DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi, şonuň binýadynda 4 sany ýöriteleşdirilen merkez açyldy. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde Ýaş diplomatlaryň mekdebi hem hereket edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan hemmetaraplaýyn goldawlary, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Häzirki wagtda DIM, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyk edaralary Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda öz işini alyp barýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şu ýyl biziň Watanymyz ösüşiniň täze eýýamyna gadam basdy. 11-nji fewralda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde möhüm resminama — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy.

30 ýyla niýetlenilen Maksatnamada döwletimiziň daşary syýasy ugruna aýratyn orun berilýär. Hususan-da, bu strategik resminama ileri tutulýan bäş sany ugurlary: parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek, daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna, olara ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermek ugurlaryny öz içine alýar.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň esasynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça işe başlamak teklip edilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, diplomatik işgärleriň güni mynasybetli halkara häsiýetli çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, 16-17-nji fewralda sport çäreleri geçirildi, şu günki gün daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatyň, serginiň we konsertiň geçirilmegi meýilleşdirildi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary syýasatyny ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylan belent üstünlikleri we daşary syýasy ýeňişleri ýene-de bir gezek nygtap, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, daşary döwletler we abraýly halkara guramalar bilen ýokary netijeli gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda milli Liderimiziň ägirt uly goşantlaryny aýratyn belledi.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan bellenen tertipde, milli kanunçylyga esaslanyp DIM-niň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny bermek baradaky ýüzlenmesine seredildi hem-de degişli Karar kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri türkmen diplomatik gullugynyň işine we onuň işgärlerine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyny taýýarlamak baradaky teklibi makullady we degişli Karara gol çekip, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini Bitarap Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiz parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, «Açyk gapylar» syýasatyna hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär.

Ata Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň baş ugry ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan bu belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýärler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin ýetilmeli has belent sepgitler kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge diplomatik işgärleriň mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda bitaraplyk, deňhukuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasy strategiýasy Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Gurmasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylygy dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan we öňe sürlen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamynda möhüm Kararnamalaryň uly toplumy kabul edildi. Bu bolsa döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aňladýar.

Biz ýaňy-ýakynda halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Giň mazmunly bu teklip dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýar. Bu bolsa Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň has-da kämilleşmegine itergi berýändigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara-hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talaplar bildirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk we döwletimiziň milli bähbitlerini goramak hem-de dünýädäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa degişli karary okaýar. Dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşurylýar.

Mälim bolşy ýaly, bu tapawutlandyryş nyşany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan hem-de Watanymyzyň öňündäki beýleki hyzmatlary üçin ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de bu sylagyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, sylagy dabara gatnaşyjylaryň we mähriban halkymyzyň bildirýän uly ynamy hem-de çäksiz hormaty hökmünde kabul edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny hem habar berdi. “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly bu kitap hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr. Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça milli Liderimiziň pikirleri jemlenendir. Aýratyn-da, döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler bar.

Milli Liderimiz bu kitabyň mejlise gatnaşyjylaryň her birine gyzykly we peýdaly gollanma boljakdygyna ynam bildirip, onuň halkymyza özüniň sowgadydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň birini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa gowşuryp, galanlaryň bolsa ony şu günki çäreden soň alyp biljekdigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sahypalarynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuňňur akyl ýetirilmegi, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary beýanyny tapan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitaby üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 

https://tdh.gov.tm/tk/post/30325/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-ginisleyin-mejlisi-11